Türkmenabatdaky kärhanada şu ýyl 10,5 million manatlyga golaý tikin önümleri öndürildi
Türkmenabadyň tikin fabriginde şu ýylda 51 million 366 müň manatlyk önümi öndürmek meýilleşdirildi.
Kärhanada ýylyň başyndan bäri geçen üç aýyň dowamynda tikinçiler meýilleşdirilen 9 million 900 müň manatlygyň ýerine 10 million 409 müň 214 manatlyk önüm öndürdiler.
Bu döwürde, esasan harbylardan gelýän buýurmalaryň uly möçberdäkisi çalt we ýokary hilli ýerine ýetirildi.
Fabrikde ilatyň islegini öwrenmek arkaly zerur bolan tikin önümleri hem öndürilýär.
Diňe bir buýurmalara däl, isleglere laýyklykda işlemek usulynyň önümçilige ornaşdyrylmagy hem meýilnamalaryň artygy bilen ýerine ýetirilmegini üpjün edýär.