JEMGYÝET

Türkmenabatdaky kärhanada her aýda 2,5 tonna şöhlat önümleri taýýarlanylýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de partiýasynyň agzasy «Dünýä» haryt nyşanly et we et önümlerini öndürýän hususy kärhana 20 ýyldan bäri halkymyza hyzmat edip gelýär. Türkmenabat şäherindäki bu önümçiligiň işçi-hünärmenleri et we et önümleriniň dürli
görnüşi bilen ilaty bökdençsiz üpjün edýärler.
— Önümçiligimizde her günde 100 kilogram, her aýyň dowamynda bolsa 2,5 tonnadan gowrak şöhlat önümleri taýýarlanylýar. Şöhlat önümleriniň 15 görnüşini öndürýäris. Ýarym kakadylan «Hazar», «Köýtendag», «Awçy», «Daşrabat», «Gökdere», gaýnadylan görnüşdäki «Arkaç», «Aşgabat», «Altyn
açar», «Altyn kenar», gaýnadylyp kakadylan «Änew», «Altyn şapak», şeýle-de ýokary hilli «Gündogar» şöhlat önümlerine, «Altyn çeşme» büzmejine, «Şasenem», «Gunça» ýaly dürli görnüşli et we şöhlat önümlerine alyjylar tarapyndan uly isleg bildirilýär — diýip, hususy önümçiligiň ýolbaşçysy we tehnology Tahir Talibow welaýat neşiriniň habarçysyna gürrüň berýär.