Türkmenabat pagta egriji fabriginde geçen ýylda 5 müň 437 tonnadan gowrak nah ýüplük öndürildi. Geçen ýylyň dowamynda bu ýerde 184 million 749 müň manatlyk iş amala aşyrylyp, maliýe görkezijileri boýunça meýilnama 128,2 göterim ýerine ýetirildi. Netijede manat möçberinde önümçiligiň ösüş depgini 138,7 göterime deň boldy. Degişli döwürde ýurdumyzda dokma kärhanalaryna hem-de daşary ýurtly sarp edijilere gymmatly önümiň jemi 6 müň 344 tonnasy ugradyldy. Döwrebap kärhanada nah ýüplükleriň geçginli 20, 27, 34 belgili görnüşleri öndürilýär.
Türkmenabatdaky kärhanada geçen ýyl 5,4 müň tonnadan gowrak nah ýüplük öndürildi

11
Jan