Türkmenabadyň himiýa kärhanasynda oksigumat önümçiligi ýokary derejede ýola goýlandyr. Muny geçen ýyldaky önümçilik görkezijileri hem tassyklaýar. Has takygy, 2024-nji ýylyň dowamynda bu ýerde oksigumatyň 340 tonnasy öndürilip, dürli ölçeglerdäki gaplarda sarp edijilere ýetirildi.
Bu ýerde aýakgaplary ýaglamak we reňklemek üçin ulanylýan dürli görnüşli
kremleriň önümçiligi-de ýola goýuldy. Türkmenabadyň gowaça çigidini gaýtadan işleýän ýag-ekstrakt kärhanasynda öndürilýän çigit ýagynyň kislotasy we nebit önümleri gaýtadan işlenende emele gelýän parafin aýakgap kremlerini öndürmekde esasy çig mal bolup hyzmat edýär.
Türkmenabatdaky kärhanada geçen ýyl 340 tonna oksigumat öndürildi

18
Jan