Türkmenabat galla önümleri kärhanasynda geçen ýylda 138 million 580 müň 919 manatlyk iş edilip, meýilnama 102,4 göterim berjaý edildi. Degişli döwürde jemi 46 müň 383 tonna un öndürildi. Şonuň 15 müň 371 tonnasy ýokary, 31 müň 12 tonnasy bolsa birinji hilli undur. Şeýle-de bu döwürde bugdaý ýarmasynyň 135 tonnasy, kepegiň 14 müň 89 tonnasy öndürildi. Kärhanada häzirki wagtda işçi-hünärmenleriň 200-den gowragy zähmet çekýär.
Türkmenabatdaky kärhanada geçen ýyl 138,5 million manatlyk un we un önümleri öndürildi

11
Jan