YKDYSADYÝET

Türkmenabatdaky kärhanada 4,9 müň tonna nah ýüplük öndürildi

Türkmenabat pagta egriji fabrigi şu ýylyň geçen sekiz aýynda kärhanada 4 müň 974 tonna nah ýüplügi öndürilip, netijeli işler alnyp baryldy.

Ýylyň başyndan bäri pagta egrijileriň yhlasy bilen, 97 million 288 müň manatlyk iş amala aşyrylyp, degişli meýilnama 110 göterim ýerine ýetirildi.

Geçen döwürde ýurduň içerki bazaryndaky dokma kärhanalaryna hem-de daşary ýurtly sarp edijilere gymmatly önümiň jemi 80 million 459 müň manatlygy, ýagny, 3 müň 988 tonnasy ugradyldy.