Türkmenabatdaky kärhanada 4,5 müň tonna pagta ýagy öndürildi
Welaýat azyk önümçilik birleşiginiň Türkmenabat şäherindäki ösümlik ýag kärhanasynda şu ýylyň başyndan bäri arassalanylmadyk pagta ýagynyň 4 müň 563 tonnasy öndürildi.
Şeýle hem bu ýerde arassalanylan pagta ýagynyň 3 müň 627 tonnasy, sarunyň 11 müň 384 tonnasy, harpygyň bolsa 7 müň 741 tonnasy öndürilip, meýilnama üstünlikli berjaý edildi. Degişli döwürde edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 44 million 837 müň 216 manatlyga deň boldy.