Türkmenabat galla önümleri kärhanasynda üstümizdäki ýylyň dowamynda 125 million 217 müň 650 manatlyk önüm öndürilip, manat möçberinde meýilnama 102,6 göterim berjaý edildi.
Bu babatda önümçiligiň ösüş depgini has artdy. Degişli döwürde kärhanada önümiň jemi 42 müň 383 tonnasy, şol sanda ýokary hilli unuň 14 müň 48 tonnasy, birinji hilli unuň 28 müň 335 tonnasy taýýarlanyldy. Şeýle-de bu ýerde bugdaý ýarmasynyň 120 tonnasy, kepegiň 12 müň 872 tonnasy öndürildi. Bir söz bilen aýdylanda, kärhananyň agzybir işçi-hünärmenleri Täze, 2025-nji ýyly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýarlar.
Türkmenabatdaky kärhanada 42 müň tonnadan gowrak un öndürildi

31
Dec