YKDYSADYÝET

Türkmenabatdaky kärhanada 34,4 million manatlyk iş edildi

Türkmenabat şäherindäki «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasynda gurluşyk önümleriniň öndürilişi barha artdyrylýar.

Kärhanada şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda gurluşyk üçin betonyň 20 müň kub metri, harytlyk betonyň 400 kub metri, keramzidiň 12 müň kub metri, kerpijiň 1 million 217 müň sanysy, şeýle-de demir gurnawlarynyň 28 tonnasy öndürilip, meýilnama üstünlikli berjaý edildi. Degişli döwürde öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 34 million 423 müň 216 manatlyga deň boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: