Türkmenabat şäherindäki galla önümleri kärhanasy tarapyndan 2025-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda jemi 62 million 142 müň 924 manatlyk önüm öndürildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 124,6 göterim ösüş depgininiň gazanylandygyny görkezýär. Bu görkezijiler kärhanada öndürilýän önümleriň möçberiniň yzygiderli artdyrylýandygyny tassyklaýar.
Şu döwürde kärhanada 27 müň 870 tonna bugdaý gaýtadan işlenilip, 18 müň 604 tonna un öndürildi. Şonuň 6 müň 167 tonnasy ýokary hilli, 12 müň 437 tonnasy bolsa birinji hilli undur. Mundan başga-da, geçen bäş aýda 51 tonna bugdaý ýarmasy, 5 müň 659 tonna kepek taýýarlanyldy.
Türkmenabatdaky kärhanada 27 müň tonnadan gowrak bugdaý gaýtadan işlenildi

23
Jun