Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginde şu ýylyň başyndan bäri 18 million 940 müň
380 manatlykdan gowrak önüm öndürilip, meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi.
Degişli döwürde 16 tonnadan gowrak çig ýüpek taýýarlanylyp, 147,1 göterim ösüş gazanyldy.
Ýylyň iki aýynda bu baýry kärhanada 1 million 114 müň inedördül metr nah mata öndürilip,
meýilnama 133,1 göterim berjaý edildi.
Şeýle-de ýylyň başyndan bäri bu ýerde 24 müň inedördül metr ýüpek matalar taýýarlanyldy.
Ýeri gelende belläp geçsek, ýüpek önümçilik birleşiginde 913 işgär zähmet çekip, şolaryň
aglabasy gelin-gyzlardyr.
Türkmenabatdaky kärhanada 19 million manatlyga golaý ýüpek önümler öndürildi

20
Mar