Türkmenabadyň tejribe-abatlaýyş zawodynda dürli kysymly tehnikalaryň zerur bolan şaýlaryny abatlamak we ýasamak boýunça buýurmalar bökdençsiz ýerine ýetirilýär.
Zähmet adamlary geçen ýyly üstünlikli jemlediler. Olar meýilleşdirilen 4 million manatlygyň ýerine işleriň 4 219 müň manatlygyny ýerine ýetirip, ýyllyk meýilnamany artygy bilen berjaý etdiler. Täze ýylyň ilkinji günlerinden bu ýerde ýene-de ruhubelent zähmet çekilýär.

