YKDYSADYÝET

Türkmenabatdaky kärhana ýurduň ýyladyşhanalaryny polietilen plýonka bilen üpjün edýär

2024-nji ýylyň dowamynda kislorodyň 225,840 müň kub metri öndürilip, sarp
edijilere ugradyldy. Lagym ulgamy üçin öndürilýän polietilen turbalar, polietilen
plýonkalar, üwelen hek ýaly halk hojalygyna zerur bolan önümler kärhana uly
girdejileri-de getirýär. Diňe bir Lebap welaýatynyň çäginde gurlan ýyladyşhanalaryň umumy meýdany 300 gektara golaýlap barýar. Olaryň ählisini-de polietilen plýonkalar bilen üpjün etmek hem hut şu kärhananyň paýyna düşýär. Şonuň üçin kärhana her ýylda polietilen plýonkanyň 2 müň tonnadan gowragyny öndürýär.