Türkmenabat şäherindäki Zerger «Demirbetonönümleri» zawodynyň gurluşykçylary tarapyndan şu günler Türkmenabat şäheriniň Amul şäherçesinde 4 sany 4 gatly 32 öýli, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde 26 sany 4 gatly 32 öýli, şeýle-de Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde 4 sany 4 gatly 24 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk-gurnama işleri gyzgalaňly dowam edýär.
Önümçilik görkezijileri dowamly artdyrylýan kärhananyň agzybir zähmet adamlary üstümizdäki ýylyň ýanwar — aprel aýlaryny hem ýokary görkezijiler bilen jemlemegi başardylar. Has takygy, bu döwürde gurnama demirbeton önümleriniň 8 müň 624 kub metri öndürilip, bu baradaky meýilnama 103,3 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle-de geçen dört aýda harytlyk betonyň 1 müň 932 kub metri, keramzidiň 6 müň 331 kub metri, derýa çägesiniň hem 11 müň 930 kub metri öndürilip, 107,6 göterim ösüş depgini gazanyldy. Jemi öndürilen senagat önümleriniň pul hasabyndaky möçberi bolsa 18 million 741 müň 52 manatlyga deň boldy.
Türkmenabatdaky kärhana üç şäherde iri gurluşyklary alyp barýar

08
Jun