YKDYSADYÝET

Türkmenabatdaky kärhana öz önümlerini Belgiýa eksport edýär

Türkmenabat şäherindäki «Ak pamyk» pamyk serişdelerini öndürýän fabrik öz önümlerini Azerbaýjan, Türkiýe, Belgiýa ýaly ýurtlara eksport edýär.

Bu ýerde her günde ortaça pamyk serişdeleriniň 6-8 tonnasy öndürilýär. 2022-nji ýylda 3 müň 27 tonna, ýagny, 7 million 285 müň manatlyk pamyk serişdeleri öndürilen fabrigiň agzybir işgärleri şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň önümçilik iş meýilnamasyny 131,25 göterim berjaý etdiler.

Has takygy, bu döwürde 463 tonna pamyk serişdeleri öndürilip, 1 million 222 müň 46 manatlyk iş edildi. Bu bolsa iki aýlyk iş meýilnamasyndan 290 müň 943 manatlyk önümiň artyk öndürilendigini görkezýär. Şeýle-de geçen iki aýda pamyk önümleriniň 987 müň 816 manatlygy, ýagny, 333 tonnasy eksporta ugradyldy.

Bu kärhanada häzirki wagtda 90-a golaý işgär zähmet çekýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: