JEMGYÝET

Türkmenabatdaky kärhana konditer önümleriniň 20-den gowrak görnüşini öndürýär

Türkmenabat şäherinde açylyp, ulanylmaga berlen «Jennet süýjülikler dünýäsi» hususy kärhanasy hem hyzmatlaryň döwrebap görnüşlerini hödürleýän önümçilikleriň biridir. Kärhananyň işe başlan wagtyndan bäri müşderileriň sanynyň artmagy bu ýerde öndürilýän önümleriň islegden peýdalanýandygyny görkezýär. Kärhanada ýaş hünärmenler zähmet çekip, konditer önümlerini taýýarlamak işlerini kämilleşdirýärler.
Kärhanada kökelerdir tortlaryň 20-den gowrak görnüşi taýýarlanylyp, Türkmenabat şäheriniň bazarlarynda we azyk harytlary dükanlarynda alyjylara ýetirilýär. Önümçilikde ýurdumyzda öndürilýän un, şeker, süýt önümleri, mesge ýagy, hoz, pisse, kişmiş, guradylan erik, ary baly we ýertudanasy ýaly ýokary hilli çig mallar ulanylýar. Şeýle hem kärhanada müşderiler üçin dynç almak şertleri döredilip, süýjülikler bilen birlikde çaýlar we şerbetler hödürlenilýär. Täze önümçiligiň işi ýerli bazarlarda haryt bolçulygynyň üpjün edilmegine hem-de goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berýär.