Ýylyň geçen döwründe Türkmenabat şäherindäki «Lebap» et-süýt önümleri kärhanasynda 167 tonna mesge ýagy, 307 tonna peýnir, 12 müň 525 tonna süýt önümleri, 36 tonna şöhlat öndürilip, meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi. Kärhananyň öndürýän «Altyn asyr», «Şapak» mesge ýaglary,
«Abiwerd», «Kaka», «Ereme», «Nurana» ýaly peýnirleri, şeýle hem «Hazar», «Daşrabat» şöhlatlary ilatyň uly isleginden peýdalanýar.
Kärhanada mesge ýagy, peýnir, gatyk, gaýmak, turşy süýt önümleri, doňdurma, şöhlat hem-de petir-köke ýaly dürli önümler öndürilýär. Işçi-hünärmenler enjamlardan netijeli peýdalanyp, ýokary hilli azyk önümleri bilen ilaty bolelin üpjün etmäge goşant goşýarlar. Esasy maksat – ilatyň islegini
kanagatlandyrmak üçin önümleriň hilini we möçberini yzygiderli ýokarlandyrmakdan ybarat.
Türkmenabatdaky kärhana ilata elin et we süýt önümlerini hödürleýär
25
Aug

