YKDYSADYÝET

Türkmenabatdaky kärhana her gün 185 kub metr beton önümlerini öndürýär

«Türkmendemirbetonönümleri» önümçilik birleşiginiň Türkmenabat şäherindäki «Demirbetonönümleri» kärhanasynda Germaniýa, Italiýa, Türkiýe ýaly Ýewropanyň öňdebaryjy döwletlerinden getirilen tehnologiýalaryň güýji bilen her gün 185 kub metr beton önümleri öndürilýär.

Kärhananyň işçi-hünärmenleri geçen ýyly şowly jemläp, şu ýylyň geçen çärýeginde hem gurluşyk üçin betonyň 4 müň 300 kub metrini, pul hasabynda bolsa 5 million 248 müň 550 manatlygyny öndürdiler. Bu görkezijileri has-da artdyrmagy maksat edinýän demirbeton öndürijiler işlemäge döredilýän giň şertler üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyklaryny aýdýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: