YKDYSADYÝET

Türkmenabatdaky kärhana her aýda 5,5 tonna plastmassa önümlerini öndürýär

Türkmenabat şäherindäki «Wepa—Sapa» hususy kärhanasynda her aýda 5,5 tonna plastmassa önümleri öndürilýär.

Türkiýäniň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Italiýanyň tehnologiýalary ornaşdyrylan bu hususy kärhananyň önümçiliginde zerur bolan esasy çig mal Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürýän gaz-himiýa toplumyndan alynýar.

Bu ýerde geçen ýylda plastmassa önümleriniň dürli görnüşleriniň 64 tonnasy, şu ýylyň ýanwar—iýul aýlarynda bolsa 35 tonnasy öndürilip, içerki bazarlara ugradyldy.

Şeýle-de şu ýylyň başyndan bäri bu hususy kärhanada polietilen turbalaryň 47 müň metrden gowragy öndürildi.