Türkmenabatdaky kärhana eksport geografiýasyny giňelder
«Kökçi» hojalyk jemgyýeti akkumulýatorlaryň önümçiligini Türkmenistanda ilkinji bolup ýola goýan kärhana bolmak bilen, işlerini şertnama esasynda Türkmenabadyň himiýa zawody bilen bilelikde alyp barýar. Şeýlelikde, önümçilik üçin zerur çig mal bolan kükürt kislotasy şol zawod tarapyndan üpjün edilýär. Kämil önümler diňe ýurdumyzda däl, eýsem, daşary bazarda hem uly islegden peýdalanýar. 2024-nji ýylda bu önümler Ermenistana, Azerbaýjana, Owganystana, Gyrgyzystana hemde Italiýa ýollanan bolsa, 2025-nji ýylda kärhananyň eksport geografiýasyny hasda giňeltmek meýilleşdirilýär.