YKDYSADYÝET

Türkmenabatdaky kärhana bir aýda meýilleşdirileninden 200 müň manatlyk önümi kän öndürdi

Türkmenabadyň tikin fabriginiň zähmet topary ýanwar aýynyň meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdi.

Fabrigiň zähmetsöýer tikinçileri geçen aýda meýilleşdirilen 2 million 200 müň manatlygyň ýerine 2 million 400 müň 395 manatlykdan gowrak önüm öndürdiler.

Tikinçiler şu ýyl 51 million 266 müň 150 manatlyk önüm öndürmegi meýilleşdirdiler. Işleriň depgini bu ýyl hem edil geçen ýyldaky ýaly meýilnamanyň artygy bilen ýerine ýetiriljekdigine ynam döredýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: