Türkmenabadyň «Demirbetonönümleri» kärhanasynda diňe bir demirbeton önümleri däl, eýsem agaç we polat önümleriniň bölümi hem hereket edýär.
2020-nji ýylda işe girizilen bu bölümde dürli edaralara we ýaşaýyş jaýlaryna niýetlenen mebel, gapy we äpişge ýaly önümler taýýarlanylýar. Bu bolsa önümçiligiň giňeldilmegine, gurluşyk pudagynyň dürli ugurlaryny öz içine almagyna mümkinçilik berýär.
Kärhananyň alnyp barýan işleriniň netijesinde diňe bir ykdysady ösüşe däl, eýsem ýurdumyzyň öňde duran baýramçylyklaryna hem mynasyp sowgat taýýarlanylýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylýan üstünlikler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna we hemişelik
Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna uly baýramçylyk sowgady bolar. Zähmetsöýer işgärleriň tagallasy netijesinde kärhana ýurdumyzy döwrebap gurluşyk materiallary bilen üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär.
Türkmenabatdaky kärhana agaç we polat önümlerini öndürýär
27
Aug
