YKDYSADYÝET

Türkmenabatdaky kärhana 300 tonna pamyk serişdelerini eksport etdi

Türkmenabat şäherindäki «Ak pamyk» pamyk serişdelerini öndürýän fabrikde lukmançylykda we gaýry ýerlerde ulanmak üçin niýetlenilen pamygyň öndürilişibarha artdyrylýar. Her ýylda 7 million manatlykdan gowrak önüm öndürmäge ukyply bolan bu fabrikde şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda arassalanylan nah galyndylarynyň 906 tonnasy, pul hasabynda bolsa 4 million 86 müň manatlykdan gowragy öndürildi.
Geçen döwürde taýýar önümleriň 4 million 289 müň 621 manatlygy, ýagny, 937 tonnasy ýerlenildi. Şonuň 300 tonnasy eksporta ugradyldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli artykdyr.