JEMGYÝET

Türkmenabatdaky internatda täze kitap tanyşdyryldy

Türkmenabat şäherindäki 5-nji mekdep-internatynda welaýat çagalar kitaphanasynyň guramagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar ― Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa kitaphanaçylar, mekdebiň mugallymlarydyr okuwçylary gatnaşdylar.

Kitaphana işgärleri dürdäne eser bilen çagalary içgin tanyşdyrdylar. Kitabyň, esasan hem ýaş nesle örän ähmiýetlidigi, olar üçin gymmatly gollanmadygy baradaky sözler çykyşlaryň özenini düzdi.

Şeýle-de bu ýerde Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň kitaplarynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Çagalar üçin bu duşuşyk öran gyzykly bolup, olara ýatdan çykmajak täsirleri bagyş etdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: