TÜRKMENISTAN HABARLARY, YKDYSADYÝET

Türkmenabatdaky hususy önümçilikde ilatyň islegleri kanagatlandyrylýar

Türkmenabat şäherindäki «Bat» haryt nyşanly jorap önümçiliginde ilatdan gelýän teklipler, müşderileriň islegleri giňden öwrenilýär.
Joraplaryň reňk sazlaşygyna, bezeg aýratynlyklaryna, dokalyş we tikiliş hiline, möwsümleýin aratapawudyna uly üns berilýär.
Hususy önümçilik Hytaý Halk Respublikasynyň, Italiýanyň kämil dokma enjamlarynyň sazlaşykly işine daýanýar. Hususy kärhanada çagalar üçin 16—28, ýetginjek oglan-gyzlar üçin 34—36, uly ýaşlylar üçin bolsa 36—39 hem-de 40—44 ölçegdäki joraplar taýýarlanylýar. Önümçilik, esasan-da, dokaýjy bölümde oturdylan enjamlaryň 65-si arkaly amala aşyrylýar. Doly kuwwatynda işledilende, önümhananyň bir gije-gündizde 10 müň jübüt jorap öndürmäge mümkinçiligi bar.
Sargytlar boýunça taýýar harytlar elýeterli bahalarda söwda nokatlarynda satuwa çykarylýar. Hususyýetçi geljekde jorap önümleriniň görnüşleriniň artdyrylmagy we daşary ýurtlara eksporta iberilmegi ugrunda netijeli işleri alyp barýar. Hususy önümçilikde işçi-hünärmenleriň 25-si zähmet çekýär.