YKDYSADYÝET

Türkmenabatdaky hususy kärhanada dürli hili matalar öndürilýär

Türkmenabat şäherindäki «Begşaha» hususy kärhanasynda Jumaguly Setdarowyň ýolbaşçylygynda nah we wiskoza garyndyly matalaryň utgaşygyndan ştapel matalary, dürli görnüşli we reňkli ýaglyklar öndürilýär.   Ol ýurduň howa şertlerine laýyklykda geýmek üçin amatly bolan ştapel matalara islegiň barha artýandygy sebäpli öndürilýän önümleriň görnüşleriniň artdyrylmagy, hiliniň ýokary, owadan bolmagy ugrunda aladalanýar.

 Kärhanada daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň saz işledilmegi, işleriň netijesiniň ýokarlanmagy, önümleriň geçginliliginiň artmagy bilen bagly işlere ussatlyk bilen hötde gelinýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: