YKDYSADYÝET

Türkmenabatdaky hususy kärhana neşir işinde ilerleýär

Türkmenabat şäherindäki «Mülkaman» hususy kärhanasynda şu ýylyň geçen ýanwar — aprel aýlarynda dürli görnüşli çaphana önümleriniň 75 müňe golaýy çap edildi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Bu ýerde dürli görnüşli iş kagyzlaryny, senenamalary, öý kitaplaryny çap etmekde ýokary netijeler gazanylýar.

Has takygy, kärhanada ýylyň başyndan bäri 90 müň manatlykdan gowrak iş edildi.

Geçen 2022-nji ýylyň dowamynda hem «Mülkamanda» bu önümleriň 200 müňden gowragy taýýarlanylyp, sarp edijilere ýetirilipdi.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: