YKDYSADYÝET

Türkmenabatdaky himiýa zawodynda täze önümhananyň gurluşygyny maliýeleşdirmegiň meseleleri kesgitlenildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda çykaran 1515-nji Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda garyşyk mineral dökünlerini öndürýän önümhananyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakyndaky Karz ylalaşygyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna ýokarda agzalan ylalaşygyň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrmaga ygtyýar berildi.

Şeýle hem resminama bilen, «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen degişli içerki Karz ylalaşygyny baglaşmak tabşyryldy. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty ýazýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: