Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynyň düzüminde mineral dökünleri öndürýän toplumy gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 19-njy sentýabrda geçirilen mejlisinde aýtdy.
Himiýa senagatynda täze önümçilikleri döretmek boýunça hem netijeli işler durmuşa geçirilýär diýip, döwlet Baştutany nygtady. Häzirki wagtda himiýa senagatynyň işgärleri üçin Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumy, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyryny, Lebap welaýatynyň
Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynyň düzüminde mineral dökünleri öndürýän toplumy, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde mineral dökünleri öndürýän zawody gurmak meýilleşdirilýär.
Türkmenabatdaky himiýa zawodynda täze önümhana gurlar
20
Sep

