YKDYSADYÝET

Türkmenabatdaky himiýa zawody üçin täze wagonlar satyn alnar

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody üçin ammiak wagon-sisternalaryny, demir ýol ýarym-wagonlary, şeýle hem mineral dökünler üçin wagonlary satyn alar.

Munuň üçin konsern halkara bäsleşigi yglan etdi. Bu baradaky bildiriş türkmen metbugatynda çap edildi.

Wagonlar Türkmenabatdaky zawoddan başga-da «Marykarbamid» zawody üçin satyn alnar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: