YKDYSADYÝET

Türkmenabatdaky glisirrizin turşusynyň önümçiliginde işler ilerleýär

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumy buýan köküni ýygnaýan, taýýarlaýan we gaýtadan işläp, glisirrizin turşusyny öndürýän döwrebap önümçiligi ýola goýdy. Geçen ýyl işe girizilen täze kärhana ýylda 4 müň 500 tonna buýan köküni gaýtadan işlemäge hem-de 390 tonna glisirrizin turşusyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Öňler buýan köki çig mal görnüşinde
eksport edilýärdi, indi bolsa Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk önümçilikde çuňňur işlenip, arassalanylmadyk glisirrizin turşusy taýýarlanylýar.
Önümçilik işleri dolulygyna awtomatlaşdyrylan ulgamda alnyp barylýar. Buýan köki arassalanandan soň owradylyp, ekstraksiýa bölümlerinde ýörite ammiak suwy bilen işlenilýär. Soňra çökdüriji rezerwuarlarda kükürt turşusy goşulyp, glisirrizin turşusy alynýar. Ahyrky tapgyrda önüm guradylyp, ownuk toz görnüşinde gaplanýar. Taýýar önümler 25 kilogramlyk haltalarda saklanyp, eksport üçin taýýarlanylýar.