Türkmenabatdaky glisirrizin turşusynyň önümçiligi ýedi tapgyrdan ybarat bolar
Ýedi bölekden ybarat önümçilik binasynda ilki buýan köki toprak, daş ýaly garyndylardan arassalanylýar. Kök owradyjy enjamlar toplumynda bolsa buýan köki belli bir ululykda owradylýar we taýýar edilen kök bölejikleri ýygnaýjy enjamlar arkaly üýşürilýär. Owradylyp taýýar edilen buýan kök bölejikleri bellenilen tehnologiýa şertlerine we kadalaryna laýyklykda ýapyk konweýeriň kömegi bilen ekstraksiýa bölümine ugradylýar. Bölümde ýokary hilli, häzirkizaman enjamlaryň ornaşdyrylmagy netijesinde işler takyk we sazlaşykly alnyp barylýar. Birinji tapgyrda silindr görnüşli gaplaryň 54-sinde ekstraksiýa prosesi geçirilýär.
Taýýarlanylan suwuk görnüşli ekstraktlar birinji suw rezerwuaryndan çökdüriji rezerwuara guýulýar we onuň üstüne kada laýyklykda kükürt turşusynyň 98 göterim ergini goşulýar. Netijede emele gelen gidrosulfat ammoniý ergininden gaplaryň düýbüne çökdürmek usulynda glisirrizin turşusy alynýar.
Glisirrizin turşusynyň çökündisi belli bir wagtyň dowamynda saklanylandan soň degişli enjamlarda owradylýar we arassa suw bilen ýuwlup guratmak üçin ugradylýar. Soňra turba görnüşli guradyjy enjamda gyzgyn howanyň täsirinde ikinji sapar 6 göterim çyglylyk derejesine çenli guradylýar we sowadyjy enjamlaryň kömegi bilen sowadylyp, gaplara ugradylýar. Gaplama bölüminde taýýar önümler pnewmatiki konweýerler bilen önüm saklanylýan rezerwuarlara ýygnalýar. Soňra birnäçe günüň dowamynda talabalaýyk garylýar. Kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan barlamhanada önüme baha berilýär. Ynha, önüm taýýar. Gaplaýjy enjamyň kömegi bilen polipropilen gaplara gaplanylan glisirrizin turşusy önümi buýrujylara ýollanylmak üçin ammara ugradylýar.