Türkmenabatdaky futzal ýaryşynda ikinji tapgyryň duşuşyklary geçirildi
Ozal hem habar berşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 24-nji noýabr güni Lebap
welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýetip gelýän şanly baýramçylyga ― Türkmenistanyň Baky Bitaraplygynyň 29 ýyllygyna bagyşlanan futzal boýunça
Türkmenabat şäheriniň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşy badalda aldy.
Ýaryşyň 2-nji tapgyrynda «Bäş dogan» futzal topary «Gurluşykçy» toparyny 5:2,
«Köpetdag» futzal topary «Amul» toparyny 8:5 (“A” toparçadan), «Zara» futzal topary «Amuderýa» toparyny 7:0 we «Bagtyýarlyk» futzal topary «Jeýhun»
toparyny 10:7 hasabynda utmagy başardy.
Ýaryş 2024-nji ýylyň 24-nji noýabryndan 22-nji dekabry aralygynda Lebap
welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 1-nji sport mekdebiniň sport zalynda geçirilýär.