Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki 35 desgany satmak boýunça bäsleşikli söwdanyň geçirilýändigini yglan etdi Hususylaşdyrmaga degişli döwlet emläkleriniň sanawy anna güni “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap edildi. Bäsleşikli söwda 2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça sanly ulgam hem-de mobil goşundysy arkaly geçiriler.
Bäsleşikli söwda çykaryljak iri desgalaryň hatarynda Lebap welaýatyndaky “Döwrebap” söwda-dynç alyş merkezi (8 800 inedördül metr) we iki gatly bina hem-de Daşoguz welaýatyndaky turba zawody (6400 inedördül metr) bar.
Bäsleşikli söwda şeýle hem hyzmat ediş desgalary, şol sanda dükanlar, kafeler,
naharhanalar, edara binalary we önümçilik kärhanalary hödürleniler.
Bäsleşikli söwda Türkmenistanyň we daşary döwletleriň raýatlary hem-de
Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň döwlete dahylly bolmadyk ýuridiki şahslary göz öňünde tutulan kanunçylyk tertibine laýyklykda gatnaşyp bilerler.
Türkmenabatdaky «Döwrebap» söwda-dynç alyş merkezini satyn alyjy gözlenilýär

03
Jan