BILIM

Türkmenabatdaky dil we döredijilik merkezin ýyl mynasybetli dabara geçirildi

Türkmenabat şäherindäki Dil we döredijilik merkezinde «Milli gymmatlyklarymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýörelgelerinde» diýen at bilen dabara geçirildi.
Bu ýerde ata-babalarymyzdan gelýän ynsanperwerlik ýörelgelerini şöhlelendirýän «Türkmen medeniýetiniň milli mirasy», «Zenan eli — gyzyl gül» atly sergileri, şeýle hem milli tagamlaryň we milli mirasymyzyň özboluşly dünýäsini açyp görkezýän diwar gazetleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.
Ýokary ruhubelentlige beslenip geçen dabaranyň dowamynda Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň aktýorlarynyň, welaýat çagalar sungat mekdebiniň zehinli sazandalarynyň, halypa ýazyjy-şahyrlaryň eden çykyşlary bu çärä çuňňur mazmun we gözellik çaýdy.
Dabaranyň dowamynda bu merkezde tälim alýan ýaşlaryň ýerine ýetirmeklerinde ýaýbaňlandyrylan gyzykly sahnalar, şeýle hem dürli halklaryň milli tanslary çärä gatnaşyjylar tarapyndan elçarpyşmalar bilen garşy alyndy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: