Türkmenabat şäherindäki «Jeýhun» toý dabaralary merkezinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň we saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Türkmenabat şäher
geňeşiniň bilelikde guramaklarynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa saglygy goraýyş işgärleri, hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.
Baýramçylyk dabarasy oňa gatnaşanlaryň buýsançly çykyşlary bilen başlandy.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Döwlet baýdagy milletimiziň agzybirliginiň, döwletimiziň Garaşsyzlygynyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň nyşanydyr. Soňra dabara Türkmenabat şäher medeniýet öýüniň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren şowhunly aýdym-sazlary bilen utgaşdy. Ajaýyp aýdymlarda ýaşyl Tugumyzyň, asuda, abadan Watanymyzyň waspy ýetirildi.
Türkmenabatdaky dabara goşa baýrama bagyşlandy

16
May