Türkmenabat şäherindäki 24-nji çagalar bakja-bagynda körpeleriň bilim derejesini ösdürmek, olarda ata Watana we hormatly Prezidentimize wepalylyk duýgusyny terbiýelemek maksady bilen dürli terbiýeçilik çäreleri, okuw sapaklary hem-de tejribe duşuşyklary geçirilýär. Şu çäkde ýakynda «Çaganyň gözýetimini, dünýägaraýşyny baýlaşdyrmak mukaddes borç» atly çäre guraldy.
Oňa şäheriň tejribeli we ýaş terbiýeçileri gatnaşyp, ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde ýerine ýetirýän işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda ussat bilim işgärleri öz tejribelerini paýlaşyp, geljekde hem şeýle hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada pikir alyşdylar. Duşuşykda terbiýeçileriň ussatlygyny artdyrmak, döwrebap okuw usullaryny ornaşdyrmak hem-de ýaş nesliň döredijilik mümkinçiliklerini açmak ugrunda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle çäreler çagalaryň dünýägaraýyşyny giňeltmekde
we olaryň kämillik ýolunda öňe gitmeginde möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmenabatdaky çäre çagalaryň gözýetimini baýlaşdyrmaga bagyşlandy
16
Aug

