JEMGYÝET

Türkmenabatdaky Çagalar öýünde dabara geçirildi

Welaýat çagalar öýünde Türkmenabat şäher häkimligi bilen bilelikde «Kalbyny şatlyga beslän körpeleriň arzuwy» atly dabaraly çäre geçirildi. Oňa çagalar öýüniň we 4-nji mekdep-internatynyň körpeleri hem-de şäher häkimliginiň wekilleri gatnaşdylar. Dabara gutlag sözleri bilen başlap, körpeleriň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary gatnaşyjylara baýramçylyk şatlygyny paýlady.
Çaga ýüreklerinden Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, şeýle-de gözel Diýarymyzy wasp eden çykyşlar dabaranyň esasy ruhuny emele getirdi.
Çäräniň ahyrynda körpelere guramaçylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Olar özleri barada edilýän uly aladalar üçin döwlet Baştutanlarymyza çaga ýüreklerinden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar. Bu dabaranyň çäklerinde paýlanan şatlyk, mähir we sowgatlar perzentleriň
kalbyny ýagtylandyryp, olarda Watana, ene-ata topraga bolan söýgini has-da berkitdi.