Türkmenabat şäherindäki 23-nji çagalar bakja-bagynda çagalara gije-gündizleýin hyzmat edilýär. Bu barada welaýat gazeti habar berýär.
Bu ýerde indi 56 ýyldan gowrak wagtdan bäri körpelere bilim-terbiýe berlip, ak mekdebe ugradylýar. Bu ýerde döredilen mümkinçilikler bolsa barmak büküp sanardan juda köp. Çagalar bakja-bagynda toparlaryň 18-si bolup, olaryň biri gije-gündizleýin işleýär. Bu bolsa gijeki iş çalşygynda bolýan ildeşlerimiz üçin örän amatly mümkinçilikdir.
Türkmenabatdaky çagalar bagy gije-gündizleýin hyzmat edýär

19
Jun