“Zaman-Türkmenistan” gazetiniň redaksiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan talyp ýaşlarynyň arasynda yglan eden “Edebiýat – dost-doganlyk köprüsi” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.
Bu bäsleşikde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Takyk bilimleri fakultetiniň “Zähmet we tehnologiýalaryň esaslary” hünäriniň I ýyl talyby Haknazar Annamyradow üstünlikli çykyş edip, III orna mynasyp boldy. Talyp ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini ýüze çykarýan bu bäsleşik olaryň watançylyk ruhuny berkitmäge, edebiýata bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga hem-de milli gymmatlyklary wagyz etmäge möhüm itergi berdi.
Türkmenabatdaky baýry ýokary okuw mekdebiniň talyby «Zaman-Türkmenistan» gazetiniň baýragyna mynasyp boldy
29
Dec
