YKDYSADYÝET

Türkmenabatdaky abatlaýyş zawody 5 aýda 1,5 million manatlykdan gowrak iş etdi

«Lebapobahyzmat» önümçilik birleşiginiň garamagyndaky Türkmenabat abatlaýyş zawodynda ýylyň başyndan bäri 1 million 483 müň manatlyk önüm taýýarlanylyp, meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi. Şol sanda zawodyň mehaniki abatlaýyş bölüminde 808 müň manatlyk, bejeriş bölüminde 618,5müň manatlyk, guýujy önümhanasynda 56,5 müň manatlyk iş ýerine ýetirildi.
 Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 104,9 göterime deň boldy.
— Abatlaýyş kärhanamyz 1930-njy ýyldan bäri hereket etmek bilen, bu ýerde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň ätiýaçlyk şaýlaryny taýýarlamakdawe dikeltmekde netijeli işler alnyp barylýar. Hususan-da, häzirki wagtda gowaçanyň hatarara bejergi işlerinde we ýeri çuň ýumşatmakda ulanylýan oba hojalyk gurallarynyň, şonuň ýaly-da galla oragyna çekilen däne ýygyjy
kombaýnlaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň käbir görnüşleri taýýarlanylýar. Munuň özi bolsa sargytlara laýyklykda zerur ätiýaçlyk şaýlarynyň önümçiliginiň talabalaýyk ýola goýlup, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bökdençsiz alnyp barylýandygyndan habar berýär — diýip, kärhananyň esasy hünärmeni, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Nigara Jumaýewa gürrüň
berýär.