Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçylary «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders we taslama bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda Lebap welaýaty boýunça iň köp baýrakly orun eýelän bilim edarasy boldy. Bu bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda mekdebiň okuwçylary jemi 9 sany orna mynasyp boldular. Hususan-da, Eziz Agamyradow informatika dersi boýunça, Mekan Rejepgulyýew bilen Atajan Rozyýew bolsa ylmy-taslama işi boýunça birinji orunlary eýelediler.
Şeýle hem, fizika, himiýa, matematika we iňlis dili dersleri boýunça mekdebiň 11—12-nji synp okuwçylarynyň 6-sy ikinji we üçünji orunlara eýe boldular. Mundan başga-da, agzalan bilim ojagy Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan geçirilen «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly IV integrirlenen olimpiadanyň etrap-şäher tapgyrynda ýurdumyz boýunça iň ýokary netije görkezen 10 mekdebiň biri hökmünde hasaba alyndy.
Türkmenabatdaky 41-nji orta mekdep ýene bir okuw ýylyny üstünlikli jemleýär
14
May

