MEDENIÝET

Türkmenabatda zenan suratkeşleriň bäsleşik-sergisi geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesiniň welaýat şahamçasynyň sergiler zalynda zenan suratkeşleriň arasynda yglan edilen bäsleşik-serginiň jemi jemlenildi. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesiniň welaýat şahamçasy we Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan guralan bu çärä medeniýet müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem okuwçylar we talyplar gatnaşdylar. Sergide bahar paslynyň gözelligini, mährem eneleriň we gelin-gyzlaryň keşplerini dürli reňkleriň üsti bilen şöhlelendirýän köpöwüşginli nakgaş eserleri görkezildi.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça Hamida Nabiýewa, Dilber Umarowa, Şeker Haitowa, Ýulduz Matkarimowa, Ogulgerek Agajanowa we Aýlar Hudaýberdiýewa dagy ýeňiji diýlip yglan edildi. Ýeňiş gazanan suratkeşlere guramaçylar tarapyndan dabaraly ýagdaýda Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu bäsleşik-sergi sebitde zenanlaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmakda we milli sungatymyzy wagyz etmekde uly ähmiýete eýe boldy.