JEMGYÝET

Türkmenabatda zähmeti goramaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň guramagynda zähmeti goramak boýunça kadalaryň, tehniki howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek boýunça okuw maslahaty geçirildi. Oňa bilim işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň welaýat bölüminiň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda zähmeti goramak boýunça kadalary, tehniki howpsuzlygynyň düzgünlerini, sanitariýa-arassaçylyk, bejeriş-öňüni alyş, dikeldiş we howpsuz zähmet şertlerini üpjün etmek, gözükdiriji kada-kanunlary berjaý etmek boýunça wezipeler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Şeýle-de maslahatyň dowamynda sowal-jogap alşyldy. Maslahata gatnaşyjylar ata Watanymyzyň abadançylygy, il saglygy we agzybirligi üçin ummasyz işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: