Türkmenabatda ýetginjekleriň futbol ýaryşy geçirildi
Türkmenabat şäheriniň sport toplumynda 2008 — 2009-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda futbol ýaryşy geçirildi. Okuwçylaryň tomusky dynç alyş möwsümine bagyşlanyp guralan bu ýaryşa Aşgabat şäheriniň we Mary welaýatynyň hersinden iki, Lebap welaýatyndan dört we Daşoguzdan bir topar gatnaşdy.
Toparlaryň arasynda guralan duşuşyklar gyzgalaňly häsiýete eýe boldy. Çekeleşikli geçen toparara ýaryşlaryň netijelerine görä, ýarym finalda Türkmenabadyň «Altyn ýyldyz» topary Daşoguzyň «Köpetdag» topary bilen, welaýat merkezimiziň «Nesil» topary bolsa Dänew etrabynyň «Galkynyş» topary bilen duşuşdy. Degişlilikde 1:3 we 4:0 hasabynda tamamlanan bu duşuşyklaryň netijeleri boýunça «Nesil» we «Köpetdag» toparlarynyň oýunçylary finala çykdylar. Final duşuşygynda welaýatymyzyň ýetginjekleri daşoguzly futbolçylary 6:0 hasabynda utup, birinji orny eýelediler.
Ýaryşda üçünji orny eýelän Türkmenabadyň «Altyn ýyldyzynyň» oýunçylarynyň utuk hasabynda yza galan hem bolsalar, topar agzalarynyň iň kiçi ýaşly türgenlerden ybaratdygyny nygtamak gerek. Ýagny, 2010-njy ýylda doglan oglanlar Rahman Rüstemow, Merdan Döwranow, Aýdemir Açilow we Nazar Wepaýew dagy ýaryşyň iň ökde oýunçylary hökmünde tapawutlandylar. Topary ýaryşa tälimçi Halmuhammet Gurbanow taýýarlady.