SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenabatda ýeňil atletika boýunça ýaryş geçirildi

Türkmenabat şäherinde orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Lebap welaýat bölüminiň guramagynda ýeňil atletika boýunça ýaryş geçirildi.
Oglanlaryň arasynda estafeta boýunça Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary hemmelerden öňe saýlanmagy başardylar. Ikinji orna «Türkmenhimiýa» Döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň talyplary mynasyp boldular. Üçünji orny bolsa Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň oglanlary eýelediler.
Gyzlardan düzülen toparlaryň arasynda «Türkmenhimiýa» Döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň türgenleri hemmelerden çaltdygyny subut etdiler we birinjiligi eýelediler. Ikinji we üçünji orunlary degişlilikde Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň we Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň gyzlary öz aralarynda paýlaşdylar.
Ýüz metr aralyga ylgamakda oglanlaryň arasynda Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby hemmelerden ökde çykdy. Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň türgeni ikinji, «Türkmenhimiýa» Döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň türgeni üçünji orunlary eýelediler.
Gyzlaryň arasynda orunlar şeýle paýlanyldy. Birinji orna Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyby, ikinji orna «Türkmenhimiýa» Döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň talyby, üçünji orna bolsa Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby mynasyp boldy.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply