MEDENIÝET

Türkmenabatda ýene bir sergi açyldy

Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti bilen bilelikde «Bitaraplyk — parahatlyk aýdymy» diýen at bilen geçirilen dabaraly maslahata welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalarynyň jogapkär işgärleri, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri, şeýle-de welaýat maliýe-ykdysadyýet orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy gorap saklamakdaky wajyp ähmiýeti barada çuňňur mazmunly çykyşlara orun berildi. Dabaraly maslahatyň dowamy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanyp guralan «Bitaraplyk — parahatçylykly ösüşleriň gözbaşy» atly serginiň açylyş dabarasy bilen utgaşdy. Bu ýerde edilen täsirli çykyşlardan soňra maslahata gatnaşyjylar sergide ýerleşdirilen berkarar döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesiniň mazmunyny açyp görkezýän muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Sergide ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen milli gymmatlyklarymyzyň ýerleşdirilmegi türkmen halkynyň şöhratly taryhyna, mertebeli şu gününe, ýurdumyzyň parahatçylyksöýüjilikli içeri we daşary syýasatyna dünýä jemgyýetçiliginiň, şol sanda BMG-niň goýýan belent sarpasynyň beýanyna öwrüldi.