SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenabatda ýazky at çapyşygy geçirildi

Lebap atçylyk sport toplumynda geçirilen ýazky at çapyşygy gündogar sebitiň ýaşaýjylary üçin gyzykly tomaşa öwrüldi. Aýlawda gyzykly at çapyşyklarynyň bäşisi guralyp, olaryň ýeňijileri gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy. Birinji we ikinji çapyşyklar 1400, galan üç çapyşyk bolsa 1800 metr aralyga geçirildi.
Dört we uly ýaşar bedewleriň arasyndaky birinji çapyşykda Mary döwlet athanasynyň Lebap bölüminiň Goşun atly dor atyna taý tapylmady. Şu aralykda geçirilen ikinji çapyşykda üç ýaşar bedewleriň arasynda Çärjew etrabyndaky «Tebigy ekin» daýhan hojalygyna degişli Aýgyz atly dor gysrak öňe saýlandy.
Galan üç çapyşykda dört we uly ýaşar bedewler 1800 metr aralykda bäsleşdiler. Üçünji çapyşykda çapyksuwar M.Töräýew welaýat kazyýetiniň Gojadag atly dor aty bilen günüň dowamyndaky ikinji ýeňşini gazandy. Dördünji çapyşykda welaýat polisiýa müdirliginiň Parasat atly dor aty pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Günüň jemleýji çapyşygynda pellehanadan ilkinji bolup geçen bedewe hem M. Tejenow erk etdi. Türkmenabat şäher prokuraturasynyň Gadamly atly gara aty 1800 metr aralygy 1 minut 33,6 sekuntda geçip, bu aralykda iň ýokary netijäni görkezdi.
Ýazky az çapyşygynyň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.