BILIM

Türkmenabatda ýaşlaryň taslama işleriniň bäsleşigi geçiriler

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty aprel aýynda ýene bir bäsleşik geçirer. Has takygy, bu baýry ýokary okuw mekdebi tarapyndan 14-15-nji aprel aralygynda «Ösüş üçin innowasiýa — 2026» atly taslama işleriň sergi-bäsleşigini geçirmek meýilleşdirilýär. Bäsleşik ylma we hünär döredijiligine höwesli ýaşlary ylmy-taslama işlerine çekmek, zehinli ýaş alymlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.
Bäsleşik ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mekdep okuwçylarynyň arasynda geçiriler. Gatnaşmak üçin ýüztutmalar 1-nji aprele çenli kabul ediler. Guramaçylyk topary tarapyndan işlenilip düzülen Düzgünnama laýyklykda sergi-bäsleşigi «Sanly geljek we innowasion tehnologiýalar», «Tebigy we takyk ugurly amaly çözgütler» we «Bilimde amaly çözgütler» diýen ugurlar boýunça geçiriler. Bu ugurlaryň ilkinjisi boýunça emeli aň, sanly platformalar, programma üpjünçilikleri we robototehnika babatdaky işler kabul edilse, ikinji ugur üçin talap edilýän işler nazaryýet-tejribe sazlaşygynyň, ylmy barlaglaryň, biotehnologiýanyň, energiýanyň we alternatiw çeşmeleriň miweleri bolar. Guramaçylyk topary üçünji ugur boýunça pedagogik amallaryna, STEM taslamalaryna, okatmagyň döwrebap modellerine we bilim tehnologiýalaryna bagyşlanylan işleri kabul ederler.