Watan goragçylarynyň güni mynasybetli welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde dabaraly maslahat geçirildi. Oňa harby gullukçylar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda çykyş edenler Watanymyzyň asudalygyny, halkymyzyň parahat durmuşyny goramak ugrunda harby gullukçylaryň alyp barýan jogapkärli we mukaddes işleriniň ähmiýetini bellediler. Ýurdumyzyň harby kuwwatyny pugtalandyrmak, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek babatda döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikler aýratyn nygtaldy. Şeýle hem medeniýet we sungat ussatlary tarapyndan hoşowazly aýdymlar, göçgünli tanslar ýerine ýetirildi.
Dabaraly maslahat oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyryp, halkymyzyň parahatçylyga, asudalyga bolan belent sarpasynyň nyşany boldy.
Türkmenabatda ýaşlaryň arasynda Watan goragy wagyz edildi
26
Jan
